Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Milli goşun» žurnalynyň
redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi
bilen bilelikde «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!» atly döredijilik
bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Çäre
döwrümiziň zehinli şahyrlarynyň, ýazyjylar we žurnalistleriň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby
gullukçylarynyň, harby talyplardyr harby okuwçylaryň hem-de döredijilik
bäsleşiginiň ýeňijileriniň gatnaşmagynda geçirildi. Dabaranyň dowamynda Merkezi
serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň agzalary tarapyndan
aýdym-sazly çykyşlar guraldy.
Bäsleşigiň
şertleri boýunça bäsleşige gatnaşyjylar watançylyk temasyna degişli bir proza
ýa-da goşgy eserlerini hödürlediler. Bäsleşige döredijilik işi bilen 150 golaý
awtorlar gatnaşdy. Bäsleşikde dört sany esasy baýrakly orun, şeýle-de
bäsleşikde aýratyn tapawutlanan eserleriň awtorlarynyň birnäçesine höweslendirji
baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Esasy baýrakly orunlaryň tertibi şeýle
kesgitlenildi:
Baş baýrak (Redmi note 8) – Gülnar Geldimyradowa, «Eserim».
1-nji ýer (tozan sorujy) – Saparnepes Atabaýew, «Deňizçi esgeriňhaty».
2-nji ýer (mikrotolkunly
peç) – Serdar Açylow, «Watandan uzakda».
3-nji ýer (akylly
sagat) – Aknur Rozyýewa, «Bäbekli».
– Bäsleşik ýaş zehinli awtorlary ýüze
çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bäsleşige gelen 150-den gowrak eserleriň
arasynda mynasyp eserleri tapmak – bu eýýäm uly şowlulyk. Biz bolsa ondan has
köp tapdyk! Şonuň üçin, meniň pikirimçe, bäsleşik örän şowly geçirildi we
ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilik ukyplaryny açmaga ajaýyp mümkinçilik boldy –
diýip, habarçymyza şahyr Gülşirin Hanowa aýtdy.
Çärede çykyş eden myhmanlar harby
gullukçylaryň hünär baýramçylygynyň – Watan goragçylary gününiň giňden bellenip
geçirilmegine hem öz goşandyny goşdy diýip nygtadylar. Şeýle-de, bäsleşige
gatnaşyjylaryň sosial torlarda ýaýradan Watan goragçylary güni mynasybetli
taýýarlanan ýörite elektron gutlaglary hem ýardam etdi.
Guramaçylaryň nygtaýşyna görä, ýakynda redaksiýa ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere bagyşlanan ýene-de birnäçe bäsleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Bäsleşikleriň geçirilmegi barada bildirişler www.milligosun.gov.tm web-saýtymyzda çap ediler.
Bäsleşigiň suratlaryny «Multimediýa» bölüminden görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».