Garaşsyz, baky Bitarap, eziz
Watanym! Şahyr bolup, Berkarar Watanymyzyň bagtyýarlyk zamanasynda seni wasp
etmezlik mümkin däl!
Watan – gör, nähili mukaddes, belent
heňde buýsanç bilen aýdylýan söz. Elbetde, her kime dogup, göbek ganynyň daman
ýeri oňa mähriban gelýär. Biz häzir asuda, agzybir, dünýäniň hiç biriniňkä
meňzemeýän parahat ýurtda ýaşaýarys. Hawa, seniň taryhyňda, müňýyllyklaryň
dowamynda bolup geçen pajygaly wakalaram, Watan ugrundaky çaknyşyklaram,
maksatly ýeňişlerem näçe diýseň bar. Söýgüli şahyrymyz G.Ezizowyň:
Etegiňde
iller mekan tutdular,
At çapyp, ýaý çekip, peýkam atdylar.
– diýen setirleri munuň aňyrbaş
şaýadydyr. Seniň taryhyňa ser salsam, nesilbaşymyz Oguz han atamyz, Gorkut ata,
Görogly beg, Soltan Sanjar, Nurberdi han, Gowşut han, Berdimuhammet Annaýew
ýaly gerçekler, akyldarlar biygtyýar ýadyma düşýär. Eýsem nädip olary ýadyňa
salmajak?! Dogrudanam, biz – Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary bolup,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şöhratly geçmişine, şu günki abadan durmuşyna
we onuň bagtyýar gelejegine guwanyp ýaşaýarys. Bizi şu günlere ýetiren
gerçekleri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden çykan «Mertler Watany beýgeldýär»,
«Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» kitaplarynyň haýsy birini elimize alyp
okanymyzda hem ýatlap geçmezlik mümkin däl. Bu kitaplaryň her haýsynda
özboluşly türkmen gerçekleriniň mertligini, watançylyk duýgusyny görmek bolýar.
Watan, seniň geçmişiňe ser salsam,
şol döwürlerdäki uruşlaryň hiç birinde hem häzirki döwürdäki ýaly güýçli ýaraglar
ulanylmandyr. Türkmen ýigitleriniň esasy ýarag esbaby ahalteke bedewi we kesgir
gylyç bolupdyr. Elbetde, garşysyndaky duşmanyň ýaraglanyşy we goşundaky esgerleriň
sany türkmenleriňkiden artyk bolan ýerleriniň köp bolandygyny taryhy çeşmeleri
okanymyzda göz ýetirýäris. Emma, şonda-da, türkmenleriň şular ýaly çaknyşyklarda
gazanan ýeňişleri az däl. Men bular ýaly ýeňişlere türkmenleriň agzybirliginiň netijesinde
gazanan ýeňişler diýip aýdasym gelýär. Hawa, eziz Watanym indi seniň goýnuňda
öňküleri ýaly gan döküşikli, pajygaly uruşlar ýok. Indi seni öz goýnuňda
ýetişdiren merdana ogullaryň goraýar. Agzybir, ähli kämil tehnikalar, güýçli
ýaraglar bilen ýaraglanan Milli Goşunyň bar. Gaýduwsyz Watan goragçylaryň bar.
Ýurdumyz asuda asmanda bagtyň buşlukçysy bolan ak kepderiler erkana ganat kakýarlar.
Indi sen sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldiň. Seniň goýnuňda şat çagalaryň bagtyýar
gülki sesleri ýaňlanýar. Türkmen halky geçmişde hem Watan üçin ata çykan mert
ýigitleriň sarpasyny belentde saklapdyrlar. Ol häzir hem dowam etdirilip, Gahryman
Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda her ýylyň
27-nji ýanwarynda uly dabara bilen
Diýarymyzda «Watan goragçylarynyň güni» bellenip geçilýär. Bu gününiň
aýratynlykda bellenip geçilmeginiň özi hem uly mana eýedir. Biz hem janyny
aýaman, serhedimizde asudalygy saklaýan merdana Watan goragçylaryna «Gaýratyňyz
egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!» diýesimiz gelýär.
Tawus Berdiýewa.