Türkmen söweşlerde ençe gan döker,
Duşman san-sajaksyz ýagy han-nöker,
Oguzhan: «Ser bererin, emma ýer bermen»,
Diýip, gaplaň
kimin duşmana böker.
Ýurdum meň başymyň sarsmaz tagtydyr,
Ösýän gül Diýarym altyn bagtydyr.
Türkmeniň duýgurjaň wepaly dosty,
Bu wepaly türkmen
alabaýydyr.
Aldym ele gylyç bilen galkany,
Gämi durmaz arşa galdyr ýelkeni.
Duşman golaýlaýar gahar-gazaply,
Men ölmenem,
çünki Taňryň ýalkany.
Ata-babalaryň pendin saklarys,
Iýen halal duzumyzy ödäris.
Beýik Arkadagyň tutýan tutumyn,
Watan gorap, her
pursatda haklarys.
Çünki, men – Watanyň sarsmaz galasy,
Mert ýigit Watanyň baky binasy.
Buýsanjym, guwanjym türkmen senasy,
Batyr mert men,
il halkymyň penasy.
Serdar Parahadow.