milli goshun logo
Eserim / Gülnar Geldimyradowa
Eserim / Gülnar Geldimyradowa
14.01.2020 5294 Bäsleşik

Ähli maksatlardan beýikdesiň sen,

Näçe ömri saklaýarsyň gujakda.

Seniň kalbyň nirde?

Göresim gelýär,

Hem bilesim gelýär ýene sen hakda,

Heniz öwrenmedik zatlarmyň baryn,

Barym sen! Meň bagtym saňa baglanan

Galamda däl, görejimde çekýärin

Hemme zatdan beýik bolan keşbiňi.

Bir maksadym, artyk bolman hiç mahal,

Götermäge güýjüm ýetse keşgiňi,

Arzuwlarym ýyldyzlaryň sanyça,

Ýerdäki daş bagtdan daman damjalam.

Aý ynanjym ykbalymyň ýagtysy,

Güneş bolsa her gün dogýan daň çyram.

Şu zatlaryň baryn kalbyňa salyp,

Geregini gowşurýarsyň her kime.

Senden şeýle uly kalp bar nirede?

Aýtsana, aşyk men onuň reňkine.

Her säherde gözlerimi açamda,

Bu zatlary synlap-synlap bezikmen.

Meniň dünýä gelen ýerim, Watanym,

Bu älemde ähli zatdan beýik sen!

Gülnar Geldimyradowa.