milli goshun logo
Watandan uzakda / Serdar Açylow
Watandan uzakda / Serdar Açylow
14.01.2020 37982 Bäsleşik

Gözlerime çiş kakylan ýaly men,

Bilýäň-ä sen, maý berenok pikirlem.

Köňlüm gaýyp uçup gitjek haly deý,

Ýok, ýyldyzlar meň göwnümi bitirmez.

Olaň menden başga aladasy bar;

Gaýry bir asmana göçüp gidipdir,

Bu tukat gijeden öçüp gidipdir.

 

Galypdyr meň bilen ýalňyz,

Diňe bir

surnugan köçeler – şowhuny gowzan,

Ýuwaş sesi bilen akýar Dnepr,

Ýapraklary çawuş çakýar berýozaň.

Men dymýaryn,

Uzap gidýän köçeler –

Gaşyňda aýdasym gelýän sözlerim.

Gadryňy aýralyk görenler biler,

Seni gamgyn gijelerden gözledim:

Tapdym,

Ýüregime ýakyn ynsanyň

Mähirjeň gujagy – maňa Watandyr,

Küýsäp meni horlanandyr günsaýyn,

Gijeler gözleri nemli ýatandyr.

 

Gözlerime gaş kakylan ýaly men,

Ýüregimde umyt tarlam işiler.

Aramyzda uzap ýatan ýol bilen,

Ikimizi baglap gider gijeler.

Serdar Açylow.