milli goshun logo
Belent borç (oýlanma) / Begli Abdykadyrow
Belent borç (oýlanma) / Begli Abdykadyrow
22.01.2020 5464 Bäsleşik

Mähriban topragyň üstünde erkana ulalyp, rahat uklap, bagtyýar ýaşamagyň sakasynda näme bar?! Onuň aňyrsynda mukaddes Watan goragy bar. Ýurt parahatçylygynyň, il asudalygynyň gözbaşynda serhet araçäginde, gulluk ýerinde hüşgär duran Watan goragçylarynyň yhlasy bar. Indi göz ýetirýärin, dünýäniň aladasyndan bihabar çagalyk döwrüm, asuda Asmanyň astynda erkana ýaşap, okap, kemala gelen ýyllarym, tomsuň ýyldyzdan doly Asmanyny synlap-synlap uka gidýän gijelerim, ertesi oýanyp, sabanyň arassa howasyndan gana-gana dem alýan säherlerim, umuman, bu durmuşdan lezzet alýan wagtym, gör, näçe adamlar şolaryň goragyndadylar. Indi bolsa biz ýigit çykyp, il-güne, Watan goragyna ýarap biljek ogullar bolup ýetişdik. Bu gün bize mukaddes Watany goramak diýen belent borç, Watanyň, il-ýurduň rahatlygy ynanyldy. Ynam bar ýerinde müşgil iş galjakmy?! Heý-de, şunça il bolup bize ynanýarkalar, olaryň tamasyny ödemezlik bolarmy?! Bu Watanyň mähriban goýnunda seni kemala getiren eneň-ataň, bile önüp-ösen doganlaryň, aglaňda derdiňi paýlaşyp, güleniňde şatlygyňa şatlyk goşjak dost-ýarlaryň, kyn günüňde seni ýatlajak il-günüň bar. Bu topragyň üstünde hem astynda halkymyzyň rysgaly bar, ýurduň ösüşine ganat berýän kärhanadyr fabrikler, erkanalygyň saýasynda ymarat bolan belent başly, ak gunduz dek binalar bar. Olarda bolsa ilimiz, ezizlerimiz agzybirlik bilen hersi bir kärde halka hyzmat edip, ýurduň gülläp ösmegi üçin öz goşantlaryny goşup ýaşaýarlar. Bu ýurt – baky Bitaraplygyň, parahatçylygyň mekany. Bu ýurt bilen dünýä halklary doganlaşýar, ösüş arkaly bagtyýarlyga ulaşýar.

Bu topragyň süňňüne göbek ganym, çagalygymyň gözel çagy, ýigitligimiň bahar wagty, geçen günlerimiň ýatlamalary siňipdir. «Toprak – keramat» diýýäris, sebäbi bu topragyň astynda öten ata-babalarymyzyň ruhy ýatyr. Watan goramakda pederlerimiziň görkezen gaýduwsyzlyklary, batyrlyklary ýurt goragçylary üçin görelde mekdebidir.

Watan goragyna gaýtmazymyň öňinçäsi, kakamyň gysgajyk, ýöne ömrüň manysyny özünde saklaýan çuň manyly sözi keramatlyk bolup, ruhuma ruh goşýar. Adatça, okuwa ýa bir ýere uzak wagtlyk ugranymda «Sag bol, sag-aman gezgin!» diýip, ýola salýan kakam, şol gezek ellerini egnimde goýup, bary-ýogy iki sözden ybarat bolan «Mert bolgun!» sözi bilen ugradyp goýberipdi. Megerem, bu pederimiň öz janyňdan ileri tutup, Watany, il-ýurdy gora diýdigi bolsa gerek.

Harby gulluk ýigit üçin borç, onuň yzynda galan söwer ýary üçin bolsa synag bolsa gerek. Gulluga gaýtmazymdan ozal, iň soňky duşuşykda söwer ýaryň: «Git-de, Watany gora, söýgümizi bolsa, sen sag-aman gelýänçäň özüm goraryn» diýen wadasy Watan söýgüsi bilen utgaşýar.

Watan öňündäki harby gulluk borjumyz iki ýyl bilen tamamlanmaýar. Asyl-ha, il-güne hyzmat etmek, bedew batly ösüşli ýurduň badyna öz şahsy goşandyňy goşmak ömrüň manysy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nygtaýşy ýaly: «Mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir». Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan topragymyzy goramak ähli nesilleriň mukaddes borjudyr.   

Begli Abdykadyrow,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň

 çagyryş boýunça harby gullukçysy.