"Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynda:
- Şu raýatlaryň harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilýär:
1) Saglyk ýagdaýyna görä harby gulluga wagtlaýyn ýaramly däl diýlip ykrar edilenlere - bir ýyla çenli möhlet bilen.
Şeýle esas bilen üç ýylyň dowamynda harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilen raýat Türkmenistanyň ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň ätiýaçlygyna geçirilýär;
2) kakasyna, ejesine, aýalyna, süýtdeş doganyna, süýtdeş uýasyna, atasyna, enesine, mamasyna, babasyna, perzentlige ýa-da hossarlyga alanlara hemişelik ideg etmek bilen meşgullanýan adamlar, eger görkezilen raýatlara kanun boýunça ekläp-saklamaga we olar hakda alada etmäge borçly bolan başga adamlar bolmasa (durmuşa çykyp, aýratyn ýaşaýan süýtdeş uýalary muňa degişli däl), şeýle hem olar doly döwlet üpjünçiliginde bolmasalar we hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň netijenamasyna laýyklykda kesekiniň hemişelik seretmegine (kömegine, gözegçiligine) mätäçlik çekseler ýa-da I we II topardaky maýyplar bolsa ýa-da umumy esaslarda pensiýa bellemek üçin ýaşyna (erkekler -; 62 ýaş, aýallar -; 57 ýaş) ýetse ýa-da 18 ýaşa ýetmedik bolsa;
3) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň (internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar muňa girmeýär), orta hünär okuw mekdepleriniň gündizki bölüminde okaýan raýatlara, eger olar öň şeýle okuw mekdeplerinde okamadyk bolsalar -; okuwyň möhletine barabar, ýöne olar 26 ýaşdan geçmeli däl;
4) iki we şondan köp çagasy ýa-da maýyp çagasy bolanlara;
5) ejesiz terbiýelenýän çagasy bolanlara;
6) özi barada jenaýat işi gozgalan raýatlara -; şol iş boýunça gutarnykly çözgüt çykarylýança;
7) beýleki aýratyn ýagdaýlarda -; Türkmenistanyň Goranmak ministriniň çagyryş toparynyň teklibi boýunça kabul eden çözgüdi esasynda.
- Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen raýatlardan başga-da, şu raýatyň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bardyr:
1) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanan -; ygtyýarlyklarynyň möhletine barabar;
2) ýokary pedagogik bilimi bolup, döwlet edarasynyň ýollama haty bilen obadaky orta okuw mekdebinde pedagogik wezipede işleýän -; işlän döwrüne barabar;
3) 16 ýaşa ýetmedik iki we şondan-da köp çagasy bar bolan ýa-da çagalygyndan maýyp, I ýa-da II topar maýyp çagasy bolan ýalňyz zähmet çekmäge ukyply ene-atasy (kakasy ýa-da ejesi) bolan -; eger kanun boýunça ekläp-saklamaga we olar barada alada etmäge borçly bolan başga zähmete ukyply adam bolmasa.
- Şu maddanyň 1-nji böleginiň 1, 2, 5 we 6 bentlerinde we ikinji böleginiň 1, 2 bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek ofiser harby adyny dakmak bilen ätiýaçlyga geçirilen raýatlara hem degişlidir.
- Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşürilmek hukugy beýleki raýatlara hem berlip bilner.