milli goshun logo
Deňizçi esgeriň haty / Saparnepes Atabaýew
Deňizçi esgeriň haty / Saparnepes Atabaýew
09.01.2020 39645 Bäsleşik

Diýipdiň: «Bagtyňy Watandan ide,

Onuň bilen ýagty geljek, erte kän

Dünýä içre ykrar edilen Lider

Öwrüp ýörkä ýurdumyzy ertekä».

Eje! Watan – serhedini ynandy,

Şoň üçin kalbymda üýtgeşik ýaň bar.

Häzir ylham bolup deňiz yrandy,

Gelse-de buz bilen utgaşyp ýanwar.

Çyksam goramaga serhede agşam,

Ýetmez öýtme maňa mertlik, dogum ýa.

Aýdýar ahyr belent Serkerdebaşam:

«Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar!».

Daşyndan aýlanar ne bir gazygyň,

Ne-de ýat ýerlerde günlem goýalar.

Azaşsam – ýyldyzy demirgazygyň.

Bitarap mekanda güllem boý alar.

Gujagyndan aýyrmasyn bijeler,

Watan

             öýdür,

                          habardar et dostlary.

...Bir arzuwym: iň bolmanda gijeler

Bolup bilsem deňziň ýagty fosfory.

Saparnepes Atabaýew,

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt

dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen

 2-nji orta mekdebiň mugallymy.