Ýaşaýan ýeriňizde himiki howply heläkçilik ýüze çykanda, onuň howply ýerden çykmak mümkinçiligi bolmasa, otagda dessine germetizasiýa işlerini geçiriň. Aýnalary, gapylary, howa çalşyryjylary, tüsseçykarlary ykjam ýapyň, aýnanyň we onuň çarçuwasynyň arasyndaky boşluklary dolduryň. Hökman lukmana ýüz tutuň.
Eger-de siz himiki howply serişdeler bilen işleýän kärhanada iş alyp barýan bolsaňyz, dem alyş agzalary goraýan şahsy gorag serişdelerini (olar ýok halatynda suwa ezilen hasa) dakyň, derini goraýan eşik (plaş, nakitka) geýiň. Birden zäherlenme bolsa, heläkçilik bolan zolakdan çykyp, ýeliň ugruna perpendikulýar gidiň. Daşky eşikleriňizi çykaryň we daşarda goýuň, suwa düşüň, gözi, burun-bokurdak ýollaryny ýuwuň.
Eger ammiak bilen bagly heläkçilik ýüze çyksa, onda binanyň aşaky gatlarynda ýerleşiň. Ammiak bilen zäherlenende ýüregiň çalt urmagy, ýürek bulanma, gözlerde agyrynyň peýda bolmagy, gözüň ýaşarmagy, üsgülewük, dümew, dem alşyň kynlaşmagy, hereket etmegiň bozulmagy, başyň aýlanmagy ýaly alamatlar peýda bolýar. Şol sebäpden, ammiak bilen işleýän bolsaňyz ýanyňyzda hemişe şahsy gorag serişdeleri — arassa suw bilen öllenen hasa, limon kislotasy ýa-da sirkäniň 5%-li ergini (bir bulgur suw üçin 2 çaý çemçesi) bolsun.