Dünýäniň
gowgaly syrlarynyň darbazy deý garaňkynyň sapak ýaly işilen ýüreginden
nämälimliklere sary ýol alan göç kowgynyň aňtawyndan sypmak üçin usurgan ruhuny
süýräp barýardy. Ýollar uzyn, töwerek garaňky, geljek bolsa düýbi görünmeýän boşluga
öwrülen umytsyzlykdy. Emma şonda-da umytsyzlykdan-da umyt agtaran göç ýoly
külterläp barşyna sag-aman ertir atjak daňy diriligiň deminde garşylamagyň
yhlasy bilen haýdaýardy.
Kysmaty ýowuz
döwrüň hut taýak atym alnynda-da özlerine näme garaşýandygyny bilmän, açyk
dideleri bilen hem düýşe meňzeş dünýäni aşyp barýan adamlary eşegiň üstünde
ejesiniň gujagynda irkiljiräp barýan bäbejigiň çasly çykan iňňäsi tisgindirdi.
Gorkudan agyzlara gelen ýürekleriň gürsüldisi gijäniň sessizligini böwsüp
giderli göründi. Hemmeler ulularyň uly dünýädäki aladalaryndan bihabar
bäbejigiň barha batlanýan jägildisiniň diňmegini diläp, umydygärlik bilen onuň ejesiniň
ýüzüne naýynjar bakdylar.
Emma ejesiniň
emmesidir, töwereginden edilýän küşşüklemelere kanagat etmedik janly gurjak
deýin kiçijik göwre welin, barha beterine tutdy. Iň erbet ýeri hem bu jägildi
şunça menzili sessiz külterlän göçi duşman eline aç-açan tabşyrjakdandy.
Howsaladan jany bokurdagyna gelen göçüň zenanlary aglak bäbegiň nämeden
biynjalyk bolýanyny bilmek üçin onuň gundagyny telim çözüp sermeleşdirip
çykdylar. Aljyraňňylykdan birek-birege dikilen biçäre göreçler aýalynyň
gujagyndan ogluny sogrup alan kakanyň müýnli deýin aşak sallanan eginlerine
düşdi. Hiç zada düşünmeseler hem ýanyna birküç sany ýaşulyny alyp galyşyna «Siz
jeňňele garşy sürüberiň» diýip, jägildisi dünýäni sarsdyryp barýan bäbejigi
gujagyna gysyp duran ýigit gelnine «Senem git» diýen manyda eşegiň yzyndan
çalaja gamçy çalyp goýberdi. «Oglum, balam näme?» diýip elewreýän gelniň
ahy-nalasyna ýüregini paralasalaram çykalga tapmadyk adamlaryň gyssanan
ädimleri kem-kemden gelni hem öz aralaryna garyp, jägildiden uzaklaşdyryp,
garaňkylyga siňip gitdi.
Bütin gije ýol
ýöräp sag-aman menzile ýeten göçüň göçegçileri oturan-duran ýerinde
irkilişlerine gün süýr depä galanda ukudan oýandylar. Her kesiň ýanynda bar
bolan kötekdir, zagaradan garynlaryny doýrup az-kem demler dürselenden soň bary
tükel ýaly görünýän adamlaryň arasynda düýnki aglak bäbejigi we onuň ejesini
görmän birek-birege soragly bakdylar.
Gelniniň ady
agzalandan «Gije siz bilen gaýtdy ahyry» diýip aljyran ýigidiň ýüzünde gan-pet
galmady. Belki aýak ýoluna çykandyr diýip onuň bolup biläýjek ýerini
peýleşdirip çykan gelinler yzyna ýüzüni sallap boş dolandylar. Kowgynyň
deminden sypan göçüň ýüregine ýene gussa aralaşdy. Her kes gelniň gözlegine
döwtalap orta çykan hem bolsa, eýýäm atyň gerşine atlanan ýigit täk özi gelen
yzlaryna garşy ýol aldy. Düýnki tuda gara görnümden nazary düşen ýigidiň bir
menzilden göwnüne gelen zat alnyna geldi-de «Arman, dagarman...» diýip bagyrdyşyna,
atdan agdardy. Kowgudan göçi sag-aman gutarmak üçin gije sesi diňmedik ogluny
gözýaşa düwnüge-düwnüge diriligine gara ýere dulamakdan başga çäre tapmadyk
ýigit nämä garaşsa-da beýle zada garaşmandy. Öňünde diriligine ýere dulanan
bäbejiginiň heniz gumy hem solup ýetişmedik mazarjygyny ýassanşyna arman doly
gözlerini göge diken gelin dem-düýtsüz süýnüp ýatyrdy. Ony duşman tygy däl-de,
ýekeje bir zat – perzendiniň bagyr awusy öldüripdi. «Eý, dat pelek, ah pelek,
ýaryl dünýä, ýykyl, bas, beýle görgüni görenden göni gelen hanjara bagryňy
gereniň ýeg dälmidir?!» diýip haýkyran ýigidiň özem üçünji gün diýlende tuduň
aşagynda üçünji mazara öwrülmeli boldy. Dek
düýnem mysapyr göçji bolup ýol aşanlaram şol tuduň aşagynda ýazdyran
goşlaryny hiç wagt ýygnamazlyga äht edişlerine bir demde ýeňilmez söweşijä
öwrüldi otyryberdiler. Indi ýagy olary däl, olar ýagyny kowalap baryşlaryna oýny
deň gelmejek kowguçylara öňde-soňda görmedigini görkezdiler. Iň esasysy bolsa
bu ýeňiş olara juda-juda çökder düşse-de hiç bir güýjüň özlerini mukaddes
topraklaryndan tazykdyryp bilmejekdigini hatda ölümleri bilen hem subut etmegi
başardylar. Bu barada soň-soňlaram juda kän gürrüň etdiler. Şol günleriň
hesretini sessizligi bilen ýüreginde göterip duran kölegesi üç mazarly tuda hem
«Bäbekli» diýip at goýuşlaryna şehide ýykylan deýin ýykylyp başladylar. Çohpetdeli garrylaryň aýtmagyna görä bolsa
şindilerem kä gijeler şol tuduň aşagyndan düşnüksiz iňňildidir bäbejigiň
iňňäsiniň gelýäni hemem «Bäbeklä» diýip çapady bişirilip dileg edilse, şol
dilegiň hasyl bolýany çynmyş...
Aknur Rozyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.