19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary
welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzdan ugrady we
birnäçe wagtdan soňra Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerden
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly
goruna eýe bolan «Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.
«Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow
degişli çyzgylary görkezip, «Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik
desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň
özleşdirilişi barada hasabat berdi. Içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly
üpjün etmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň
edilýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz bu möhüm desgadaky işleriň ýagdaýy
bilen tanşyp, ýurdumyzda täze känleri açmagyň we olary senagat taýdan
özleşdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyna
ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.