milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
2 gün öň 57 Habarlar

Düýn – 18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň babadaýhanlary tarapyndan ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip,  «Türkmenistany 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.