milli goshun logo
Sagdyn durmuş ýörelgeleri ösdürilýär
Sagdyn durmuş ýörelgeleri ösdürilýär
01.09.2024 141 Habarlar | Sport

Ýurdumyzda ynsan saglygy adamzadyň iň uly baýlygy hasaplanýar. Şol ýörelgeden ugur alnyp, ilatyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak we ruhubelentligini artdyrmak üçin gündelik durmuşda sporta aýratyn orun berilýär. Harby mekdebiň Goşmaça okuw, sport binasynda basketbol, woleýbol, futbol zallary, skalodrom zolagy we sport meýdançasy, boks zaly, stol tennisi, döwrebap ýüzüş howuzy, milli göreş, sambo we dzýudo zaly, At simulýator otagy, Paraşýut simulýator otaglary ýerleşýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň lukmançylyk binasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ýokary tilsimatly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen we bu enjamlar ýokary takyklygy bilen tapawutlanýan barlaglary gysga wagtda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.  Binanyň otaglarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanmak bilen, ýurdumyzda ynsan saglygynyň gymmatynyň belent derejä göterilýändigini alamatlandyrýar.