Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdepde ýaş
nesilleriň döwrebap harby bilimleri özleşdirmekleri, häzirki zaman söweş
tilsimlerini kämil ele almaklary, berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmekleri üçin
ähli şertler döredilipdir. Taktiki söweşe taýýarlyk, Robotehnika otaglary,
Lazerli türgenleşik zaly, Bodyflight okuw zaly, Atyşhana zaly tehnologiýanyň
soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu okuw otaglary häzirki zamanyň
talaplaryna laýyk gelýän ýörite programma üpjünçiligine eýedir. Bular harby
okuwçylarda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazaryýet we amaly
meseleleri çözmeklige gyzyklanma döredýär.