milli goshun logo
Watanyň wepaly ogullarynyň sarpasy
Watanyň wepaly ogullarynyň sarpasy
01.09.2024 716 Habarlar | Harby Bilim

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň Okuw we dolandyryş binasynyň eýwanynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy, ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň harby lybasdaky merdana keşbini şekillendirýän heýkeliniň hem-de bu merdana şahsyýetiň «Dowamat dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen buýsançly sözleriniň ýerleşdirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Binanyň eýwanynda ýerleşdirilen watançylyk mazmunly heýkeltaraşlyk eserinde bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» kitaby, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň merdana keşbi, «Köp ekeliň dänäni!» atly goşgusy, bugdaýlyk meýdan, şeýle hem türkmen halkynyň öz Milli Liderine bolan söýgüsini alamatlandyrýan «Arkadag» binasy şekillendirilipdir. 

Mundan başga-da, harby mekdebiň innowasion muzeýinde hem-de elektron kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we edermenlik ýoly, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň Içeri işler edaralarynda zähmet çeken döwründäki tehnikalaryň kiçeldilen görnüşi we beýleki gulluk resminamalar toplumy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň buýsandyryjy beýik işleri bilen giňişleýin tanyşmak bolýar.