Şu gün – 27-nji sentýabrda baş baýramymyz – Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen toýlandy. Şanly baýram mynasybetli eziz Diýarymyzda belent döredijilik ruhundaky dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Däp bolşy ýaly, bu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary dabaraly harby ýörişden geçdiler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişi bolan dabaraly harby ýörişe Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hem-de esgerleri, harby talyplar, harby okuwçylar watançylyk ruhunda gatnaşdylar.
Dabaraly harby ýörişde Watan goragçylary mukaddes kasama wepalydyklaryny, ata Watanymyzy merdi-merdanalyk bilen goraýandyklaryny, häzirki zaman döwrebap harby tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler.
Dabaraly harby ýörişden täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!