milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13 sagat öň 16 Habarlar

Düýn – 22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlaryň seljerilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.