milli goshun logo
Häzirki zaman harby tehnikalar howpsuzlygyň goragynda
Häzirki zaman harby tehnikalar howpsuzlygyň goragynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýär, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli kysymly goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Ata Watanymyzyň asuda asmanynyň, parahat zemininiň mukaddes goragynyň ygtybarly gollardadygyny ykrar edip, dabaraly harby ýörişde harby gullukçylaryň ussatlyk bilen erk eden söweşjeň awtoulaglary, sowutlanan tehnikalary, dikuçarlary, uçarmansyz uçýan enjamlary munuň aýdyň mysalydyr. 

Döwrebap harby tehnikalary gaýduwsyzlyk bilen dolandyrýan edermen gerçekleriň sazlaşykly hatarlarynda mukaddes topragymyzy gözüň göreji deýin goramaga kasam eden ogullaryň gaýratynyň görünmegi buýsançlydyr.

Dabaraly harby ýörişden täsirli pursatlary  «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!