Düýn – 18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi.
Soňra bu ýerde özbek sungat ussatlarynyň konserti boldy. Goňşy ýurduň sungat wekilleriniň özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Konsert ýerine ýetirijilik başarnyklaryny we gadymy milli saz gurallarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezen sazandalar toparynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Özbek sungat işgärleriniň çykyşlary şowhun bilen garşylanyldy. Döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bolsa sahna özboluşly öwüşgin çaýdy.