Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, «Türkmenpagta» döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:
– ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;
– gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.
Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda, olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, amatly möhletlerde:
– «Türkmenpagta» döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen;
– «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;
– Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen;
– «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.