26-njy maýda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşyna, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk meselelere
garaldy.
Döwlet Baştutanymyz ulularyň we çagalaryň
tomusky dynç alşyny guramak maksady bilen, degişli gulluklar bilen ýakyn
hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekip, häkimlere ozaly bilen ýangyn howpsuzlyk
düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagy
tabşyrdy.
Milli Liderimiz
Ministrler Kabinetiniň geljekki mejlisine güýzlük ýeralma, sogan we gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdany bilen baglanyşykly degişli resminamanyň taslamasyny
taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý oragynyň gelip ýetendigini
we hökümetiň nobatdaky mejlisinde möwsüme girişmek bilen baglanyşykly Kararyň
taýýarlanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri
berdi.