milli goshun logo
Iş maslahaty geçirildi
Iş maslahaty geçirildi
15 sagat öň 9 Habarlar

Düýn – 25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri geçirilýär. Geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.