Düýn – 25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, geografik taýdan amatly ýerleşmegi türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.