milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatyny geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatyny geçirdi
15 sagat öň 10 Habarlar

Düýn – 25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda çeper döredijilige gadyr goýýan hormatly Arkadagymyz, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda – dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny aýtdy. Milli Liderimiz kän oýlanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny nygtap, oňa «Hakyda göwheri» diýip at goýandygyny habar berdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz häzir elinde täze ýazan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ilkinji nusgasyny saklaýandygyny, ýakyn günlerde bu kitabyň neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetiriljekdigini aýdyp, sözüni jemledi.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Milli Liderimizi döreden täze eseri bilen gutladylar we ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.