Düýn – 25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar hormat goýmak, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň meselelerine degip geçip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny bellediler. Bu bolsa durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.