milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
05.12.2023 812 Habarlar

Düýn – 4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda häkimler häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Mundan başga-da Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatlarda guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi, şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz  hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Maslahatyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýram günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.