29.09.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
16.09.2022 55 Habarlar

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary we köptaraplaýyn mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitiniň Türkmenistanyň bu guramanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek ýolunda ýene-de bir möhüm ädime öwrüljekdigine, Ýer ýüzünde ynamy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.