Gadyrly maslahata gatnaşyjylar!
Sizi
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly
ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de
Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistan
öz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp
barýar. Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan
halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň
bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär. 2015-nji ýylyň 3-nji
iýunynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy degişli
Kararnama bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini ikinji gezek
tassyklady. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňligi we diplomatik
wekilçiligi ýylsaýyn giňeýär. Häzirki wagtda döwletimiz 147 sany ýurt bilen
diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 47 sany halkara guramasynyň agzasy bolup
durýar. Şol bir wagtda Türkmenistan 150 sany halkara konwensiýalaryna, şertnamalara
we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar.
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40
sany ilçihanasy, konsullyklary we hemişelik wekilhanalary hereket edýär.
Türkmenistanda bolsa, hemişelik esasda 35 sany ilçihana, konsullyklar we 15
sany halkara guramalaryň wekilhanasy işleýär.
Bitarap döwletimiziň daşary syýasat
strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr.
Dürli döwletler, hususan-da sebitiň
ýurtlary we goňşy döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu
babatda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmelere we hökümetara
toparlarynyň işine giň orun berilýär. Özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary
alyp barmagyň bu möhüm gurallary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryna baha
bermäge hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik
döredýär.
Hormatly adamlar!
Halkara guramalary, ilkinji nobatda
bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolmagynda galýar. Döwletimiz bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary
baha berýär. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen
edaralary, hususan-da Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy,
Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkezi we beýlekiler bilen işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar.
Türkmenistanyň birnäçe gezek
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna,
bu guramanyň dürli komissiýalaryna saýlanmagy ýurdumyzyň dünýä syýasy
giňişliginde uly abraýyna şaýatlyk edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň
2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň taýýarlanmagyna
ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy we olary ilkinjileriň hatarynda durmuşa geçirmäge
girişmegi döwletimiz bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä
çykandygyny görkezýär.
Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan
Garaşsyz Watanymyz dünýä bileleşiginiň işlerine we halkara ösüşiniň
gaýragoýulmasyz meselelerine örän işjeň gatnaşýar. Halkara gün tertibine girýän
derwaýys meseleler, aýratyn-da syýasy-diplomatik, energetika, ulag-aragatnaşyk,
ekologiýa, sport, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça möhüm halkara
başlangyçlaryny öňe sürýär hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine
ýakyndan gatnaşýar.
Geçen döwürde Türkmenistanyň
başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
ýokarda agzalan ugurlar boýunça 13 sany Kararnama kabul edildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2021-nji
ýyl «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.
Garaşsyz ýurdumyzyň alyp barýan
daşary syýasatynda goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns
berilýär. Şonuň netijesinde Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk barha ösýär
we pugtalanýar. Türkmenistan Hazar sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň arasynda
gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýän örän möhüm başlangyçlary öňe sürýär.
Bu gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär, köptaraplaýyn
gatnaşyklaryň täze görnüşleri döredilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň
başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde we
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy üstünlikli
geçirildi.
Ýurdumyz 2017 — 2019-njy ýyllarda
Araly halas etmegiň halkara gaznasynda, 2019-njy ýylda bolsa, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynda baştutanlyk etdi. Bu döwürde agzalan gaznanyň we
guramanyň işlerine gatnaşýan döwletleriň baştutanlarynyň ýokary derejedäki
duşuşyklary we dürli maslahatlar Türkmenistanda üstünlikli geçirilip, bu
guramalaryň işiniň has-da netijeli bolmagyna gönükdirilen çözgütler kabul
edildi.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk»
atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür,
abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW