Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow adamy jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygy diýip
yglan etmek hem-de ilatyň saglygyny goramak meselelerine uly üns bermek bilen,
ýurdumyzyň tutuş saglygy goraýyş ulgamy üçin «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen
şygary öňe sürdi.
Saglygy
goraýyş babatda ileri tutulýan maksatlara ýetmek üçin esas goýujy
strategiýalaryň biri bolan immuno öňüni alyş işlerini geçirmek maksady bilen,
ýurdumyz diňe Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan güwänamalaşdyrylan
waksinalary satyn alýar.
Sanjymlar döwlet serişdeleriniň
hasabyna geçirilýär. 2019-njy ýyldan başlap ilat arasynda geçirilýän
keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ozalky tertibine ýene-de üç sany keseliň:
pnewmokokka, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar
goşuldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu sanjymlaryň düzümine jemi 14 sany ýokanç
kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, polimiýelite, difteriýa,
gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma
wirusynyň döredýän howply täze döremelerine garşy sanjymlar girýär.
Häzirki
döwürde birnäçe ýokanç kesellere bir wagtyň özünde garşy durmaga immuniteti
üpjün edip bilýän waksinalar ileri tutulýar. Şeýle waksinalar adamy agyr
görnüşli ýokanç keseller bilen syrkawlamakdan goramaga mümkinçilik berýär.
Keselleriň
garşysyna sanjym işleri ýurdumyzda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde,
abadançylygy üpjün etmekde ygtybarly serişde bolup durýar. Türkmenistanda
çagalara we uly adamlara öňüni alyş sanjymlary yzygiderli geçirmegiň ýokary
derejesi (95 — 99 göterim) üpjün edilýär. Immuno öňüni alyş işleriniň öz
wagtynda geçirilmeginiň hem-de olara ilatymyzyň işjeň gatnaşmagy netijesinde
ýokanç keseller bilen kesellemegiň pes derejesine ýetildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly
Berdimuhamedow bu meselä halkymyzyň saglygyny goramakda möhüm ornuň
degişlidigini belleýär. Milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde Döwlet
arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik
saglygy we iýmit merkezi guruldy we üstünlikli hereket edýär. Ol döwrebap,
häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen edara bolup, Bütindünýä
saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän uly göwrümli ýöriteleşdirilen
merkezi sanjym we immunobiologik serişdeler saklanylýan ammary öz içine alýar.
Şeýlelikde, bu
ammarda gyzgynlyk derejeleriniň saklanylyşy gije-gündizleýin tertipde kompýuter
programmasy esasynda gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň «sowuklyk zynjyryny» berjaý etmek boýunça talaplarynyň ýerine
ýetirilýändigini aňladýar. Ammarda waksinalaryň, şprisleriň, iňňeleriň,
howpsuzlyk gutularynyň, termokonteýnerleriň talabalaýyk saklanylmagy üçin ähli
şertler döredilendir.
Keselleriň
ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölümine Aşgabat şäherinden we
ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýerlerde alnyp barylýan immunologiýa işleriniň
ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlar elektron görnüşinde gelip gowuşýar.
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we
keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit
merkezinde waksinalaryň saklanylmagyna jogapkär hem-de immuno öňüni alyş
çäreleriniň geçirilmegi bilen gönüden-göni bagly bolan hünärmenler yzygiderli
taýýarlyk okuwlaryny geçýärler. Bu ulgamda peýda bolan täze lukmançylyk we ylmy
maglumatlar bilen üsti ýetirilýän okuw gollanmalary yzygiderli täzelenip
durulýar.
Ýokary
derejedäki immuno goraglylyk saglygyň kepili hem-de adam bedeniniň islendik
kesele garşy durmagynyň esasy şerti we görkezijisidir. Sowuk günleriň gelmegi
bilen bedeniň immuno ulgamyny düzüminde B witaminler toplumyna we C witamine
baý bolan önümler bilen goldamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek
gerek. Elleriňi ýygy-ýygydan ýuwmak, otaglary günüň dowamynda üç-dört gezek
ýelejiretmek, otaglarda çygly arassalaýyş işlerini geçirmek zerurdyr.
Bu ýönekeý,
emma netijeli usullar wirusly keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň
ähtimallygyny peseldýär. Häzirki wagtda dümewe garşy öňüni alyş sanjymlarynyň
geçirilmegi ýiti respirator ýokançlaryndan goranmak üçin örän netijeli usul
diýlip hasaplanylýar.
Häzirki wagtda
ýurdumyzyň ähli saglyk öýlerinde töwekgelçilige sezewar bolýan adamlaryň belli
bir toparlarynyň arasynda sanjym işleri işjeň geçirilýär. Jemgyýetçilik saglygy
we iýmit merkezinde isleg bildirýän raýatlaryň ählisine möwsüm bilen
baglanyşykly dümewiň garşysyna ýokary hilli waksinalar bilen sanjym geçirilýär.
Mundan
başga-da, bu ýerde gepatitiň, sary ysytma keseliniň dürli görnüşlerine we
meningokok ýokanjyna garşy sanjymlar hem geçirilýär.
(Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
36-98-46, 36-90-67, 36-91-40, 36-91-38).
Unutmaň! Keseliň öňüni alyş
sanjymlaryny almak bilen, siz diňe bir ýokanç keselleriň däl, eýsem, şol
keselleriň netijesinde ýüze çykýan agyr gaýra üzülmeleriň hem öňüni alyp
bilersiňiz.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi.