Ozal habar berşimiz
ýaly, geçen hepdäniň şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine
amala aşyran iş saparynyň çäginde Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, bu ýerde iş maslahatyny
geçirdi.
Onuň dowamynda gaznanyň soňky döwürde ýerine ýetiren işleriniň jemleri, aýratyn goldawa mätäç çagalara berlen lukmançylyk kömekleriniň netijeleri, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň derejesi, bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek ugrunda döredilen mümkinçilikler, bölümlerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, hojalyk işlerini döwrebap alyp barmakda edilýän tagallalar barada hasabatlar diňlenildi.
Şunuň bilen birlikde, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege umytlaryny pugtalandyrmaga goşandy üçin ýörite güwänamanyň gowşurylandygy barada aýdyldy.