milli goshun logo
Daşky gurşawyň abadançylygyna bagyşlanan halkara maslahat
Daşky gurşawyň abadançylygyna bagyşlanan halkara maslahat
28.02.2024 483 Habarlar

Düýn – 27-nji fewralda paýtagtymyzda «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak hem-de şorlaşan çäklerinde tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu çäre BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guralýar. Ol Türkmenistanyň Tokaý kodeksine düzedişleri girizmek boýunça milli maslahatyň maksatnamasyny öz içine alýar.

Maslahata gatnaşyjylar tokaý zolaklaryny peýdalanmagyň ugurlaryny we onuň durnukly usullaryny işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply işler bilen tanyşdyryldy. Şunda bu ugurda anyk wezipeleri kesgitlemek, täzeçil usullary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mundan başga-da, degişli ugurlarda halkara derejede durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň ähmiýeti we olary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Maslahat öz işini dowam edýär.