26-njy
noýabrda irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal
welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dörediljek ýerindäki
gurluşygyň nobatdaky tapgyryna girişmek hakyndaky Karara gol çekdi.
Şol gün Ahal
welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow wagt ýitirmän, gurluşyga dahylly birnäçe
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň hem-de sebitiň
gurluşyk boýunça jogapkär işgärleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň, iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Onuň gün
tertibine döwlet Baştutanymyzyň bu resminamada kesgitlän wezipelerini durmuşa
geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Iş
maslahatynyň dowamynda häkim milli Liderimiziň kabul eden çözgüdi barada habar
berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda,
Ahal welaýatynyň çäginde dörediljek täze şäheriň gurluşygy we zerur düzümi
emele getirmek bilen baglanyşykly birnäçe wezipeler, şeýle hem gurluşygy
tamamlamagyň möhletleri kesgitlendi.
Döwlet Baştutanymyzyň şu gün gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň gurluşygy bilen bir hatarda içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny hem-de ýollary çekmek meýilleşdirildi.