17.02.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýurdum bagtyýardyr Arkadag bilen / Döwran Gullyýew
Ýurdum bagtyýardyr Arkadag bilen / Döwran Gullyýew
20.01.2020 7305 Bäsleşik

Dogupdyr halkymyň ak Gün bagtyna,

Göýä, dünýä dolan ýaly bahara,

Bagt aýdymy nama bolýar dahana,

Ysgyndan joş alýar şahandaz göwün,

Ýurdum bagtyýardyr Arkadag bilen.


Giňden açyp desterhany, saçagy,

Myhmana gadyry-hormaty uly,

Gülden doly elwan ýaýla gujagy,

Mydam ýagşa tutup pälin-niýetin,

Galkynýar Watanym Arkadag bilen.


Öwlady owaldan Hakdan pataly,

Dowamdyr nesile pederleň ýoly,

Äleme meşhurdyr Arşda Gün ýaly,

Owsary elinde çeker kerwenin,

Ýurdum öňe barýar Arkadag bilen.


Döwlet guşy gonupdyr-la başyna,

Kyrk çiltenler omyn etmiş aşyna,

Erenler halkadyr helal daşyna,

Hakdan pata bolmuş her bir işine,

Ýalkanýar Diýarym Arkadag bilen.


Oguz ýaýlasynda toýlar tutulýar,

Dikip ak öýüni, dikip gerdegin.

At çapylýar, altyn gabak atylýar,

Joşgun bilen kakyp nagra-deplerin,

Ülkäm toý toýlaýar Arkadag bilen.

Döwran Gullyýew.