Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji
sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş
etdi.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň ştab-kwartirasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy BMG-niň
Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar
hem-de bilelikde surata düşdüler. Soňra plenar mejlis öz işine başlady we
gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, sözüniň başynda
mejlise gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji
sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlady we hemmelere netijeli işlemegi
arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň
Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, ozalky sessiýanyň dowamynda Baş
Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin ilçi Filemon Ýanga
minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz dünýäniň häzirki ýagdaýynyň, syýasy,
ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýetiniň we meýilleriniň döwletlerden hem-de
halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we
howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri
döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny
gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýändigini belläp,
Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine hut şu
nukdaýnazardan seredýändigini we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä
arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýandygyny nygtady.
Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi
Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan
hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk,
özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi
üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak
dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga
taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki wagtda bitaraplyk
ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri ilerletmekde hem-de
ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk ynam bildirdi. Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň
gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly
aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň
bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda
onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, ol möhüm
diýlip hasaplanýar. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki
sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş
prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny
we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça Baş Assambleýa tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edildi. Bu şanly waka BMG-niň döredilmeginiň ýubileýine gabat
gelýär. Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylyna bagyşlanyp, ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu foruma
BMG-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garaýarys we oňa
giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýäris. Döwlet çemeleşmeleriniň
dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesi, ynanyşmagyň we özara
düşünişmegiň ýola goýulmagy hem-de pugtalandyrylmagy ulgamlaýyn, yzygiderli
häsiýete eýe bolmalydyr diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni
dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Parahatçylyk we ynanyşmak
medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe
sürýär. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak sammitiň esasy
wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk
bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek we hyzmatdaşlyk
ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat
eder.
Ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmek
meselelerine häzirki zaman ösüşiniň ugurlary, medeni we ruhy gatnaşyklary gorap
saklamagyň hem-de ýakynlaşdyrmagyň zerurdygy bilen aýrylmaz baglanyşykda
garaýarys. Bu babatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň
arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy wezipesini
gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we
gymmatlyklary ýakynlaşdyrmak üçin giňişlik bolmalydyr diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we şundan ugur alyp, Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň
dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki
gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda «Merkezi
Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi
teklip etjekdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň
garamagyna Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny
hödürlär. Bu Kararnama gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda
diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtar.
Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmak, onuň ulag
we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň ileri
tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu mesele boýunça köptaraplaýyn dialogyň
merkezleriniň biri bolmak bilen, Türkmenistan adalatly, deňagramly we inklýuziw
halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam etdirer. Şu gezekki
sessiýanyň dowamynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2026 — 2035-nji
ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek
başlangyjyny öňe süreris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi hem-de
munuň ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli
ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligiň
tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de
ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde
ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň
taslamasyny hödürlär.
Häzirki wagtda sanly özgertmeler ösüş gün tertibiniň
ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Bu prosesiň deňagramly häsiýete
eýe bolmalydygyna, onuň ähli döwletleriň, şol sanda ösüp barýan ýurtlaryň
kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmalydygyna, syýasylaşdyrylmakdan we
birtaraplylykdan azat bolmalydygyna ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan deňhukuklylyk, ynanyşmak we
maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň,
durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan
Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen
çykyş etmegi meýilleşdirýär.
80-nji sessiýanyň dowamynda Türkmenistan ekologiýa we
howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri-de dowam eder hem-de bu meselelere
howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik
etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme
hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat ediner. Türkmenistan Merkezi
Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek
başlangyjyny öňe sürýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini
birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň
üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine
saldamly goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we
ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen, Hazar
deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge
gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletjekdigini nygtady. Hazar
ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Döwlet Baştutanymyz ony 2026-njy
ýylda geçirmegi teklip edip, häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola
goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň
arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň
tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni
diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam bermegiň
möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz medeniýetleriň arasynda
dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi
goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli
diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi.
Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň
Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk
getirýär. BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry
bolup durýandygyny hemişe nygtamagymyz tötänden däldir. Biz BMG-niň köpugurly
ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramadygyny ynam bilen aýdýarys.
Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygyň we ösüşiň kepili, ählumumy
howpsuzlygyň, durnuklylygyň binýady bolmagynda galmalydyr. Türkmenistan halkara
işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş
etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegini, halkara
kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň,
şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň
durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti
diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň
2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe
sürýändigini belledi we munuň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk
binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Şu mejlis Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. 30
ýyl mundan ozal şu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi.
Ol ýurdumyz üçin taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary syýasy we
halkara işini kesgitledi. Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar
edilmegi daşarky amatly şertleri üpjün edip, döwletimiziň içerki ösüşini
işjeňleşdirmäge ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we
mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan BMG-ä agza
döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen
we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň özüne bildirilen ynamy
hemişe ýatda saklajakdygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta
eýerjekdigini aýdyp, ähli wekiliýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de
bir gezek gutlady we hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda
üstünlikleri arzuw etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasy
tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky
Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan
soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip
gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
garşyladylar.