milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1 gün öň 38 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisiniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 225 raýatyň, ýurduň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň ahyrynda Hökümet agzalaryna ýüzlenip, ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň ýetip gelendigini, Garaşsyzlygyň türkmen halky we döwleti üçin mukaddes baýramdygyny belledi we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, ähli watandaşlarymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hökümet agzalary hem Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini ýurduň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.