milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
2 gün öň 61 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi.

Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň «At agynan ýerde toý bolar» diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, ahalteke bedewleriniň ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyryljak çykyşlaryň halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidigini nygtady.

Hormatly Arkadagymyz toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi, şeýle-de toplumyň çapuw ýodasynyň, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Çapuw ýodasynyň üpjünçiligi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Onda at çapyşyklaryny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň seýisleriniň we atşynaslarynyň bir ýerde jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi çapuw ýodalarynyň milli atşynaslyk ýörelgeleri we köpýyllyk tejribe esasynda döwrebaplaşdyrylmagynda, olaryň ýokary halkara kadalara laýyk gelmeginde ähmiýetli bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewler gaýtalanmajak gözelligi bilen dünýäde meşhurlyk gazandy. Munuň özi atşynaslaryň taryhyň dowamynda ajaýyp bedewleri ýetişdirmek ugrunda çeken yhlasly zähmetiniň netijesidir. Milli Liderimiz bu işleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zerur tagallalaryň edilýändigini aýdyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen atşynaslarynyň asyrlaryň dowamynda bedewleri seýislemegiň milli mekdebini döredendigini, häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň aýratyn üns-alada bilen gurşalandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekip, baýramçylyk mynasybetli işlenip taýýarlanan maksatnamany ýokary derejede amala aşyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Häzirki döwürde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumda döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmeti höweslendirilmelidir. Milli Liderimiz ynsan bilen bedewiň arasyndaky baglanyşygyň mizemezdigini, milletimiziň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewleriň eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegi bolup durýandygyny, Watanymyzyň ösüşleriň, beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap batly gadamlarynyň bolsa bedew badyna deňelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bedewler we olary seýislemek, atlaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.