Beýik ata-babalarymyzyň wesýet
eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň
hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak
maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy
mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana
gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk
azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
***
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik,
hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam
hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem «Migrasiýa hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda
ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.
Daşary işler ministrligi, Döwlet
migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralary bilen bilelikde daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk
adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak barada ýüz tutan
resminamalaryny resmileşdirmek bellenildi.
***
Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen
Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümi
tassyklanyldy.