15.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ykbalym Watan / Yhlas Artykmyradow
Ykbalym Watan / Yhlas Artykmyradow
11.01.2020 117412 Bäsleşik

Oguzhan, Görogly, Soltan Sanjaryň,

Mälik şa, Alp Arslan, Çagry, Togrulyň,

Serkerde Seýdi hem bezäp sanjaryn,

Ykbalyny saňa baglady, Watan.

 

Men Watan goragçy, Watan galkany,

Goraryn görejim deý, halkymy,

Topragma düşende Günüň ýalkymy,

Gözelligňe göwnüm çaglanym, Watan.

 

Sen meniň barlygym, baýlygym erkim,

Dünýe dursa, sen dur, sarsmasyn durkuň,

Köpetdaga deňäp kamatyň, görküň

Ömrümi ömrüňe baglanym, Watan.

 

Arkadagym bilen nur saçýaň dünýä,

Ýyllar ösüşlerden-ösüşe barýa,

Sen arşda parlaýan bir ýyldyz göýä,

Bagtyňa bagtymy baglanym, Watan.

 

Beýik Ogluň bagt daragtyn ekeni,

Asyrlaryň dowamynda bekäni,

Türkmenistan – Bitaraplyk mekany,

Beýik adyň ýyla baglanym, Watan.

 

Yhlas Artykmyradow,

TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.