Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç
hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, oňyn Bitaraplyk
ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa
geçirýän Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly
hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Geňeşiniň
Başlygy Antonio Koştanyň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der
Lýaýeniň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny
ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna
iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Lýuk Pýer Dewini bu ýokary diplomatik wezipä
bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de onuň bu wezipede ýurdumyz bilen
Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda
alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan
Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Bu düzüm ýurdumyzyň
wajyp halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu gatnaşyklar özara
hormat goýmak, ynanyşmak, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk
ruhunda ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy dialogy mundan
beýläk-de ösdürmäge, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri
boýunça pikir alyşmalary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolup
durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz söwda dolanyşygyny
artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny
giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly
mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýurdumyz energetika,
ulag-logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, daşky gurşawy
goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistan
bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny
aýdyp, Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykýan ugurlary we
Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmegiň umumy bähbitlere laýyk
gelýändigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, energetika ulgamynda, şol sanda
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek
boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem möhüm ugur bolup
durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky
hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip,
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine
ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de
pugtalandyrmak maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi jenap Lýuk Pýer Dewini Ýewropa
Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
wezipesine belledi. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň
Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi
we Ýewropa Bileleşiginiň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş
edýäris.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize belent
hormat goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy ýene-de bir gezek beýan
edýäris.
Antonio Koşta,
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy.
Ursula fon der Lýaýen,
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy.