Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen binýat
bolan Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi. Ol döwrebap şäheriň täze metjidiniň
«Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylyp, hasaba alnandygy baradaky
şahadatnamanyň gowşurylmagyna bagyşlandy.
Arkadag şäherindäki «Märkaw» medeni-dynç alyş
merkezinde berlen toý sadakasyna gelenler bu ýerde görnükli ýerleşdirilen, täze
metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamany
ýüzlerine syldylar.
Mälim bolşy ýaly, 13-nji awgustda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz
Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze şäheri
ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil
taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen
tanşanyndan soň, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine tutuş halkymyzdan gelip gowşan
teklipler göz öňünde tutulyp, Arkadag şäherinde bina edilýän 30 müň adama
niýetlenen metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň
kabul edilendigi we onuň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp,
degişli tertipde resmileşdirilendigi baradaky hoş habar ýetirildi.
Sadakada Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Onda
ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygy, asudalygy, halkymyzyň agzybirligi we
saçaklarynyň rysgal-berekede baý bolmagy, Gahryman hajy Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy,
alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe
rowaçlyklara beslenmegi, Arkadag şäheriniň metjidini «Arkadagyň ruhy metjidi»
diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagynyň gutly-mübärek
bolmagy, metjidiň halkymyzyň abadançylygynyň, agzybirliginiň we ruhy
bitewüliginiň bähbidine hyzmat etmegi dileg edildi.
Soňra sadaka gatnaşyjylara, däp bolşy ýaly, dürli
milli tagamlar hödür edildi. Duz-tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okalyp,
«Arkadagyň ruhy metjidiniň» ynsanperwer ýörelgeleriň merkezine öwrülmegi,
Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi hem-de Gahryman hajy Arkadagymyzyň
we Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak
bolmagy, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň bähbidine alyp barýan döwletli işlerinde
hemişe üstünlikleriň ýar bolmagy dileg edildi.
Soňra sadaka gatnaşan ýaşulular bu ýerden Gökdepe
metjidine ugradylar. Olar bu mukaddes ýerde uly sogaply juma namazyny okadylar.
Toý sadakasyndaky iň päk we ýagşy arzuw-dilegler juma namazynyň ýagşy
dessurlary bilen utgaşyp, ol ýurdumyzda haýyr işleriň amal edilmegi ugrundaky
tagallalaryň giň gerimli häsiýete eýedigini görkezdi. Gökdepe metjidinde
agzybirlik bilen juma namazynyň okalmagy gadymy milli däbiň we musulmançylyk
borjunyň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.
Namaz wagty ýagşy dilegleriň, umyt-arzuwlaryň Beýik
Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi. Munuň özi türkmen halkynyň
yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan gymmatlyklara aýratyn gadyr goýmak däbiniň
taryhyň jümmüşinden gelýändiginiň we dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriň häzirki
döwrüň ruhuna laýyk ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ildeşlerimiziň
mukaddes parzy ýerine ýetirmegi türkmen ilinde agzybirlik ýörelgeleriniň
üstünliklere beslenýändiginiň hem-de Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
hajy Serdarymyzyň milli gymmatlyklary esasy ugur edinýän başlangyçlarynyň
rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Bu günki juma namazynda-da mukaddes Gurhandan aýatlar
okalyp, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň agzybir,
abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan
il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli giň gerimli işleriniň hemişe rowaçlyklara
beslenmegi dileg edildi.
Şeýlelikde, Arkadag şäherinde gurulýan uly metjidi
«Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky şahadatnamanyň
gowşurylmagyna bagyşlanyp berlen toý sadakasyndaky iň ýagşy dilegler juma
namazynda Gurhandan okalan aýatlaryň sogaby bilen utgaşyp, ýurdumyzda türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman hajy Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman
hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda haýyrly we sogaply işler esasynda ynsanperwer
ýörelgeleri ugur edinýän belent maksatlaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň
aýdyň nyşanyna öwrüldi.