milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
1 gün öň 17 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, Ermenistanyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.