Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan
Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian
Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň
Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny
iberdi.
«Bu şanly baýram halkyňyzyň jebisliginiň,
agzybirliginiň aýdyň beýany bolup, şol bir wagtyň özünde, halkyň geljegini
özbaşdak kesgitlemäge bolan ymtylyşynyň nyşanydyr»
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we
Pakistan Yslam Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak,
deňhukuklylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy
alyp barýandygyny, bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup,
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýandygyny
nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife
tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri,
Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de
ösüş arzuw etdi.