Dagyňda keşbi bar
dana Pyragyň,
Güýzüňde yzy bar
Gurbannazaryň.
Ylhamyny SENDE
aldy şahyrlar.
ÖZÜŇ baş temasy
ähli ýazaryň.
Eziz Watanym!
Gülleriňi
gujak-gujak tutanym
(Soňra bu
bolşumdan özüm utanyp,
«Utan!» diýip,
özüme söz gataryn).
Seň goýnuňda
demim gelip gidýärkä,
Gorkusy duýulmaz
howp-hataryň.
Meýdanlaryň bir
enaýy haly seň.
Seni söýmek üçin
dörän ýaly men.
Gün hakda, Aý
hakda, gara dag hakda,
Deňiz-derýa
hakda, ýaşyl bag hakda,
Näme hakda söz
açaýyn diýsemem,
Özüň hakydama
dolýaň, Watanym.
Sähra gülleriňi
bagryma basyp,
Melul bolup
ýatanym...
Aýjahan Annabaýewa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.