milli goshun logo
Watanym / Gülälek Söýeşowa
Watanym / Gülälek Söýeşowa
18.01.2020 12597 Bäsleşik

Ejem deýin gujagyňda ulaldym,

Atam kibi goragymsyň elmydam.

Ýüzümi güldürip, ak pata berip,

Ugratdyň geljegiň törüne bakan.

Seň goýnuňda ak mekdebi tamamlap,

Bilim ummanynda ýelkenli ýüzdüm.

Öz saýlan kärimiň eýesi bolup,

«Mugallym» adyny göterip ýörün.

Arkadagyň sargytlaryn gaýtalap,

Irmäni ýaşlara bereris bilim.

Saňa – eziz Watan, söýgim artdyryp,

 Gerek bolsa aýamaryn bu serim.

Neneň söýmän bolar, eziz Watany,

Gan döküp gorady eždatlarymyz.

Saklap jebisligi, agzybirligi,

Ýaýrady çar künje türkmen adymyz.

Pyragynyň arzuw eden zamany,

Gör, neneň ajaýyp, mähriban ýurdum.

Atamyzyň saýasynda ös baky,

Bitarap Watanym – Türkmenistanym!

Gülälek Söýeşowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň

ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy.