milli goshun logo
Watançy balasyna garaşan ene / Gülzada Mätigulyýewa
Watançy balasyna garaşan ene / Gülzada Mätigulyýewa
20.01.2020 21229 Bäsleşik

Dag etegini etekläp oturan Magtymguly etrabynyň «Çendir» jülgesiniñ jana şypaly arassa howasy, gözel tebigaty, zähmetsöýer we myhmansöýer ilaty bar. Gözel «Çendir» jülgesinde sylanýan we hormatlanýan Duwak atly ene ýaşaýardy. Duwak enäniň 4 ogly, 3 gyzy bardy. Bu enäniň ýanýoldaşy ir ýogalyp, maşgalanyň eklenji öz başyna düşýär. Mährem ene gije-gündiz ýatman zähmet çekip çagalaryny ösdürip, terbiýeläp ýetişdirýär.

Duwak ene 1937-nji ýylda ilki gözüniň göreni, süýji dili bilen söýen baş balasy Akmämmedi Watan gullugyna ugradýar. Ol öz balasynyň sag-aman Watan gullugyndan dolanyp gelmegini hemişe dileg edip gezýär.

Ine, 1940-njy ýylyň dekabr aýynda Duwak enäniň beýik balasy sag-aman Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip gelýär.

Muňa Duwak enäniň begenjiniň çägi bolmaýar. Mährem ene balasyny öýlendirip, öýli-işikli etmegiň ugruna çykýar. Ene ogluny 1941-nji ýylyň mart aýynda obalarynda bir sylanýan maşgalanyň gyzyny gelin edip alyp, uly toý tutýar. Ýaňy durmuş guran ýaşlar agzybir ýaşaşyp başlaýarlar. 1941-nji ýylyň tomus aýlarynyň birinde dünýäniň ýüzüne elhenç «Uruş turupdyr» diýen habar ýaýraýar. Bu urşa dünýäniň ähli ýerlerinden eli ýarag tutan erkek göbekli adamlaryny alyp gidýärler. Şolaryñ arasynda Duwak enäniň ýaňyja durmuş guran ogly hem bardy. Süýji durmuşyň hözirini ýaňy görüp başlan Akmämmet iki aýlyk, ýüzi açylmadyk baýdak ýaly ýary bilen hoşlaşyp, Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Ýaş ýigidiň yzynda kümüş saçly enesi, baýdak ýaly gelni, jigileri galýar. Öz balasyny urşa ugradan ene ýene-de gije-gündiz «Balam sag-aman dolanyp gelsin!» diýip, doga-dileg edip gezýär. Akmämmediň yzynda galan aýaly hem hamyla bolup galýar.

Ene urşa giden oglundan bir gezek hat alýar. Akmämmediň hamyla galan aýalynyň dokuz aýy dolup, oguljygy bolýar. Duwak eje agtyjagynyň adyna Bezirgen diýip at goýýar. Duwak eje oglunyň ýalňyz balasy Bezirgeni ogluny söýşi ýaly söýüp ösdürýär. 

Ine, 1945-nji ýylyň aprel aýynda Duwak enäniň ýene-de giden derdi gaýdyp gelýär. Ol öz balasy Akmämmediň «Dereksiz ýiten» habaryny eşidýär. Bu ajy habary eşiden Duwak eje özüni birden aşak goýberip, dyzyny urup aglaýar. Agtyjagy Bezirgeni bagryna basyp: «Seniň kakaň ölenok! Ynanamok! Kakaň hökman dolanyp geler!» diýip aglaýar. Obanyň adamlary Duwak ejäni köşeşdirýärler.

Şeýle bolsa-da, Duwak eje durmuşyň ýaşaýşyna boýun egmeli bolýar. Ol balasynyň ýalňyz perzendine guwanyp, oňa ýagşy ündewleri berip terbiýeleýär. Emma Duwak eje agtygynyň ýagşy günlerine guwanyp bilmeýär, aradan çykýar. Ýöne Duwak eje öz oglunyň hakyky Watançy bolup, Watanyň edermen goragçysy bolandygyna doly göz ýetirýär. Ol öz ýaşan döwründe «Oglum edermen, batyr, watançy» diýen pikirde gezýär. Ol kiçijik Bezirgeni söýende hem «Watançy, batyr oglumyň mirasy, döwletiň başy» diýip söýýärdi. «Meniň balam kakasy ýaly edermen, merdana ýigit bolar» diýýärdi. 

Dogrudan-da, häzir Duwak enäniň agtygy Bezirgen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okap, terbiýelenip, Aşgabat şäherindäki Içeri işler ministrliginiň institutyny tamamlap, Balkan welaýatynyň Içeri işler edarasynda zähmet çekýär.


Gülzada Mätigulyýewa.

Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň M.Geldiýew adyndaky 

2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.