Doganym deý eziz,
Oglum deý şirin.
Enem ýaly aladaçyl, mähriban,
Kakam kibi arkamdaky dagymsyň.
Kükregiňde atalarmyñ pähmi bar.
Uýammydyň?
Şeýle ýuka ýüregiň,
Dostummy sen,
Daýanmaga söýgedim.
Behişt ysy ýaýlalaňdan bark urýar,
Serim serhoş buýsanmadan, söýmeden.
Diwar bolsaň,
Bir agramsyz kerpijiň,
Derýa bolsaň,
Tolkunyň men joş uran.
Seniň adyň bilen atýar daňlarym,
Badyň bilen ýaşap ýörün ýaşymy.
Ömrüm bendi saňa bolan sarpama,
Ganym bilen aýlanansyň damarda.
Taryp edip ýörülmeýär il içre,
Maşgalam sen,
Zat ýok mundan aňyrda.
Aşyr Hanow,
Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrabynyň
1-nji orta mekdebiniň mugallymy.