milli goshun logo
Watan nämeden başlaýar?! / Baýdurdy Abdyýew
Watan nämeden başlaýar?! / Baýdurdy Abdyýew
12.01.2020 2466 Bäsleşik

Watan – ojagyňdan, duzdan başlanýar. Diliňden çykan sözden, şol sözüňe ygrarly bolmakdan başlanýar.

Her gün säher bilen tämiz howany jigerimize sorup, dogup gelýän Güneşi alnymyza sylýarys. Watan – Güneşiň bezeýän asuda Asmanyndan başlanýar.

Dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze mekdeplerde bilim alýarys. Watan – alan bilimiňi il-ýurt bähbidi üçin ulanmakdan başlanýar.

Ene-atamyz bizi mekdebe ugradýar, iýdirýär-içirýär, aladamyzy edýär. Ýaşulular bize dogry salgy berip, öwüt-ündew edýär. Jigilerimiz bizi «Aga!» diýip sylaýar. Watan – ene-ataňa hormat goýmakdan, ulyny sylap, kiçini söýmekden başlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Watan – Gahryman Arkadagymyza wepaly bolmakdan başlanýar.

Baýdurdy Abdyýew,

Balkanabat şäheriniň daşary ýurt

dillerini çuňlaşdyryp öwredýän

ýöriteleşdirilen

2-nji orta mekdebiniň okuwçysy.