milli goshun logo
Watan / Mekan Ýagmyrow
Watan / Mekan Ýagmyrow
20.01.2020 1341 Bäsleşik

Tebigatyň seniň howaň hem melhem,

Garaşsyz, Bitarap eziz Watanym.

Seniň gözel ysyň joşdurýar ylham,

Garaşsyz, Bitarap eziz Watanym.


Güllere beslenýär sag bilen soluň,

Owadan we päkize bu barýan ýoluň,

Şowhuna ulaşýar her barýan toýuň,

Garaşsyz, Bitarap eziz Watanym.


Päkize ýollardan barýar türkmen halkymyz,

Türkmen tugy biziň baky bagtymyz,

Arkadagyň saýasynda bagtly biz,

Garaşsyz, Bitarap eziz Watanym.


Kyblany söýen Watany söýer,

Garaşsyz, Bitarap eziz Watanym.

Watany söýseň kalbyň beýgeler,

Garaşsyz, Bitarap eziz Watanym

Mekan Ýagmyrow.