milli goshun logo
Watan kerem-keramatdyr... (liriki oýlanma) / Ýunus Allanazarow
Watan kerem-keramatdyr... (liriki oýlanma) / Ýunus Allanazarow
10.01.2020 7649 Bäsleşik

Watan! Jigerim-janym Watan! Buýsanjym, mertebäm, şöhratym-şanym Watan! Men seniň sallançagyňda üwreldim, topragyňda ýörjen-ýörjen boldum. Gyşyňda gyşlap, akja garlaryňda togurlandym, güýzüňde sary ýapraklar deýin herýana çapdym. Ýazlaryňda ýaýnap, tomsuňda depämi gaýnatdym. Men seni neneň söýmäýin, neneň ezizlemäýin?!

Hawa, sende ýaýnap, sende gaýnan türkmen şahyrlarynyň sen hakda ýazmadygy ýokdur. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň:

Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn,

Durnalaryň setirinde okaýan.

Ýetmiş ýyllap aýra düşen mysaly,

Çygly ota kükregimi owkaýan...  

ýa-da şahyr Baýram Jütdiýewiň:

Goýberiň jylawym gideýin süýräp,

Ah, ala meýdanlar, ala meýdanlar –

diýen setirlerini tolgunman okap bolanok ahyryn.

Elbetde, bu Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan Watanymyz barka, «Döwlet adam üçindir» şygaryny halkyna baýdak eden mähriban hem Gahryman Arkadagymyz barka, onuň tagallasy bilen gün-günden gülleýän, gül açýan eziz Diýarymyz barada neneň joşmajak, neneň oňa guwanmajak, neneň buýsanmajak?! Ynha, meniňem ýaş kalbymyň buýsanjyny diňle, Watan:

Ol pähimdar Oguz Hanyň kowumy,

Asly halal türkmenligme buýsanýan.

Görogly, Alp Arslan, Zalyň dowamy,

Şir ýürekli türkmenligme buýsanýan.

Dana Pyragynyň pähminden dörän,

Beýik Ýüpek ýoluň ugrunda duran,

Garaşsyz, Bitarap döwleti guran,

Arkadagly türkmenligme buýsanýan.

Arkadag eýledi halkyn bagtyýar,

Çar tarapda nebitim bar, gazym bar,

Bugün türkmen ilim ösüşe barýar,

Gül mekanly türkmenligme buýsanýan.

Ösüş hem özgeriş ýollaryň rowaç alsyn, eziz Watan!

Halkyň bagtyýar, eşretli durmuşyň şaýady bolsun, eziz Watan!

Watan üçin, halky üçin ganat gerýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, «Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany» ýylynda her bir tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Dünýä dursun, sen dur, Watan!

Ýunus Allanazarow,

Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyby.