milli goshun logo
Watan goragynda / Jemal Ýalkabowa
Watan goragynda / Jemal Ýalkabowa
14.01.2020 152194 Bäsleşik

Garagum çölüniň aňňat-aňňat gum depelerini etekläp oturan, kiçeňräk gum obasynda daňyň agaryp başlamagy bilen, ýuwaş-ýuwaşdan gaýda-gaýmalaşyk hem başlandy. Oba gumuň içinde ýerleşýändigine garamazdan, gür baglyga bürenip oturmasa-da, her ýerräkde birlän-ikilän topbak baglyga gözüň düşýärdi. Şol bagly howlularyň birinde ýazyň soňky günleriniň bir güni ir säherden başlanan gaýmalaşyk uzaklardan hem gözüňe ilýärdi. Çünki bu kiçeňräk howlynyň kümüş saçly enesi Ogultäç eje üçin bu günki başlanan gün aýratyn gündi, ýagny, onuň çagyryş boýunça Watan goragynda gulluk edip ýören körpe ogly Bäşimiň harby gullukdan dolanyp gelýä habaryny eşidenine eýýäm bäş gün dagy geçipdi. Ene bu arzyly güne garaşa-garaşa sabyr-takatyny halys ýitiripdi. Ol telewizorda ýa-da radioda Watan goragçylary hakynda bir zatlar eşitdigi, ähli ünsüni şoňa berip diňlärdi. Agtyjagy Seýran bolsa, ine, indi Bäşim gulluga gideli bäri, her gün agşam ýatylmazdan ozal enesiniň otagyna gelip, hormatly Arkadagymyzyň eserlerinden okap bererdi. Ene agtygy kitaby okap otyrka gözlerini bir nokada dikip diňläp oturşyna, kitapdaky wakalaryň edil kino lentasy ýaly göz öňünden geçenini hem duýman galardy. Kitap okalyp bolanyndan soň bolsa ol «Galamyň ujy ýiti bolsun-da hernä, sag bol, Arkadag oglum» diýip, ak ýürekden minnetdarlyk bildirerdi. Ene üçin bu ýagdaý indi göýä hökmany bir adata öwrülipdi. Agtyjagy syrkawlap dagy edip, kitap okalmasa, şol agşam enäniň mazasy bolmazdy. Soňky iki gün bäri bolsa Seýran oňa «Döwlet guşy» romanyny okap bermäge başlady. Ogultäç eje bu kitaby diňlände özüni misli körpe ogly Bäşimiň, uruşda dereksiz ýiten adamsynyň, wepat bolan doganlarynyň ýanynda ýaly duýardy...

Bu gün hem heniz daň agarmanka, ukudan oýanan ene irdenki kellesine daňan galyň başbogusyny günortan howa mazaly gyzan çagy ýeňilräk ýaglyk bilen çalyşmagy hem unudyp, howlynyň içinde iki-baka alakjap ýörşüne, gelinlerini hem ýöne oturdanokdy. Garaz howlyň içi ibirt-de zibirtdi. Ine, birdenkä hem obanyň gaýra tarapyndan çykan maşynyň güýçli signaly howlynyň içindäki gaýda-gaýmalaşygy az salymlygam bolsa togtatdy. Hemmäniň nazary şol tarapa gönükdi. Ýuwaşlyk bilen howla golaýlaşan iki sany maşynyň süýt reňklisinden böküp diýen ýaly düşen egni harby lybasly, berdaşly, ýylgyryp duran Bäşimi gören mähelle esger ýigide tarap süýşüp ugrady. Kim harby gullukdan abraý bilen gelen esger ýigidiň elini gysyp gutlasa, kim esger ogluna garaşyp, telewizorda, gazetdir-žurnalda gören her bir Watan goragçysyny öz ogly kimin söýüp, guwanan enäni gutlaýardy. Ogultäç eje Bäşimden ozal hem dört ogluny şeýdip uly arzuwlar bilen harby gullukdan geleninde garşylapdy. Ine, bu gün hem onuň  körpe balasy Watan goragyndan gelip, ýylgyryp salam berip öňünde durdy. Bir gysym bolan göwresini titir-titir edip, ogluny bagryna basyp durşuna «Siz bagtyýar döwrüň nesilleri balam, Watan biz üçin mukaddesdir! Sag-salamat geldiň, oglum! Şeýle asuda asmany peşgeş beren eziz Arkadagymyzyň jany sag bolsun» diýip, Ogultäç eje töweregindäkiler bilen öz begenjini paýlaşdy.

Jemal Ýalkabowa,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň

Mary welaýaty boýunça müdirliginiň

harby gullukçysy, uly leýtenant.